SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan Owganystan boýunça ministrleriň köptaraplaýyn duşuşygyna gatnaşdy
2021-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Owganystan boýunça ministrleriň köptaraplaýyn duşuşygy wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Bu ýurtdaky häzirki ýagdaýlar nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy. ABŞ-nyň we GFR-nyň daşary syýasat edaralary tarapyndan öňe sürlen wirtual söhbetdeşlige şonuň ýaly-da dünýäniň 20-den gowrak döwletleriniň DIM-leriniň ýolbaşçylary, BMG-niň, ÝB-niň hem-de NATO-nyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Gepleşikleriň esasy temasyna salgylanmak arkaly, gatnaşyj...
Owganystanyň goňşy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2021-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Pakistan Yslam Respublikasynyň başlangyjy bilen guraldy. Geňeşmelere şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew türkmen tarapynyň goňşy ýurtdaky we t...
ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi döwlet edaralarynyň wekilleriniň pandemiýa döwründe jemgyýetçilik we KHBS bilen özara hereketleri boýunça okuw maslahaty geçirýär
7-nji sentýabrda pandemiýa döwründe we saglygy goraýyş bilen bagly bolan adatdan daşary ýagdaýlarda döwlet edaralarynyň jemgyýetçilik we habar beriş serişdeleri bilen netijeli özara hereket etmekleri boýunça iki günlük onlaýn okuw maslahatyna badalga berildi. Gyrgyzystandan we Ysraýyldan bolan halkara bilermenler döwlet edaralarynyň KHBS wekilleri bilen işjeň özara gatnaşyklarynyň guralmagy boýunça öz nukdaýnazarlaryny beýan etdiler. Okuwa gatnaşýan Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň medi...
Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen resminamalar BMG-niň BA-nyň 75-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu çäre bilen birlikde ýokarda agzalan Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogy hem geçirildi. Döwlet Baştutanlary gepleşikleriň netijelerini nazarda tutup, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul edildi. Zenanlaryň dialogynyň netijeleri boýunça Me...
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2021-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ýurduň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri Edzima Kiýosini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özaragatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi. Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki, durnukly we uzak...
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini ugratdy
2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Bu bolsa goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana ýollan ilkinji üpjünçiligi bolup durýandyr. Dostlukly halkyň zerurlyklarynyň nazarda tutulmagy bilen, derman serişdeleriniň, lukmanlar üçin gorag eşikleriň we lukmançylyk esbaplarynyň, zyýansyzlandyryjy serişdeleriň, dermanlyk erginleriniň, gorag agyz-burun örtükle...
Türkmen-owgan serhedindäki GGN-larynyň bökdençsiz işi üpjün edilýär
Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär. Häzirki wagtda «Ymamnazar-Akina» we «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokatlaryndan gündelik esasda 70-den gowrak demirýol wagonlary hem-de 160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri göýberilýär. Nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, däne, gündelik sarp ediş harytlary döwlet serhedinden göýberilýän ýükleriň esasy bölegini düzýär. Şu nukdaýnazardan, owgan tarapynyň Owgany...