RSS

SOŇKY HABARLAR

29 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BRIFING GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Arkadag şäherine, bu taslamanyň Türkmenistan üçin uly ähmiýetine hem-de ony durmuşa geçirmegiň halkara ugurlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.  Duşuşyga daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, milli hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň belleýşi ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyý...

DOWAMY
29 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ysraýyl Döwletiniň ýokary dere...

DOWAMY
27 Mar

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ, HALK MASLAHATLARYNYŇ WE GEŇEŞLERIŇ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARYNYŇ DESLAPKY JEMLERI JEMLENDI

2023-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň başlygy brifing geçirip, onda düýn Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli tamamlanadygy barada aýtdy.    Çärä ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşly...

DOWAMY
26 Mar

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ SAÝLAWLARY ÖZ IŞINE BAŞLADY

Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu gün, 26-njy martda, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary öz işine başlady. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň çäginde bolýan Türkmenistanyň raýatlary özleriniň raýatlyk borçlaryny berjaý etmek üçin Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda döredilen 1-nji saýlaw uçastogyna ses bermäge geldiler.

DOWAMY
19 Mar

YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLER GEŇEŞINIŇ 49-NJY MEJLISI ÖZ IŞINI TAMAMLADY

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Nuakşot şäherinde, Mawritaniýada geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň 49-njy mejlisiniň işine gatnaşýar. “Araçyllyk: howpsuzlygyň we durnuklygyň açary” şygary bilen geçirilýän mejlisiň jemleýji güni Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryndan gelen wekiliýet ýolbaşçylarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Öz ge...

DOWAMY
18 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞÝAR

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň paýtagty Nuakşot şäherinde geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 49-njy mejlisiniň işine gatnaşýar. Mejlisiň dowamynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy we beýleki ugurlar boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Mundan başga-da, mejlisiň gün tertibinde Yslam Hyzmatdaşlyk...

DOWAMY
18 Mar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ NOBATDAN DAŞARY SAMMITINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 16-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşmak üçin Türkiýä iş saparyny amala aşyrdy. Sammitiň gün tertibine adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik kömegini bermek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we olaryň netijel...

DOWAMY