Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine iş sapary başlady

2019-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugrady.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Birşelen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde çykyş etmegine garaşylýar. Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary beýan ediler. Şeýle-de saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.