«Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň dabaraly ýörüşine badalga beriler

2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäherinde «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyna bagyşlanyp dabaraly ýöriş geçiriler.
Mundan başga-da, şu ýylyň 11-nji sentýabrynda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden «Amul-Hazar 2018» halkara ähmiýetli sport ýaryşyna badalga beriler.
Häzirki wagtda agzalan halkara awtoralli ýaryşyna 20-den gowrak ýurtlardan 80-den köpräk ekipažlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Şeýle hem bu çäre ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen bilelikde dünýä belli «Eurosport», «Motorsport», «Россия 24», «Матч ТВ» we beýleki halkara teleýaýlymlarynda şöhlelendirler.