Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş assambleýasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 7–11-nji noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) Baş assambleýasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar.

Çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan 160-dan gowrak wekiliýet gatnaşýar.

Mejlisiň dowamynda syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň möhüm ugurlary, şol sanda sanly we innowasion çözgütleriň ornaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem syýahatçylygyň durnuklylygyny we jemgyýetçilik taýdan inklýuziwligini ýokarlandyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Bu ýylky mejlisiň esasy mowzugy «Emeli aňyň esasyndaky syýahatçylyk: geljege täze göz bilen seretmek» bolup, ol halkara syýahatçylygyň täze arhitekturasynyň emele gelmeginde emeli aňyň möhüm ornuna ünsi çekýär.