Türkmenistanyň Prezidenti «Leonardo S.p.A» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäklerinde «Leonardo S.p.A» kompaniýasynyň başlygy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy.
Stefano Pontekorwo Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny mähirli mübärekläp, saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň iki Türkmenistanyň we Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Şeýle hem kompaniýanyň başlygy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýän Türkmenistanda giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagyna ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gatnaşmagynyň uly hormatdygyny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ajaýyp Rim şäherinde duşuşmagynyň özi üçin ýakymlydygyny aýtdy hem-de bu gadymy şäheriň Ýewropanyň taryhy we medeni merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, möhüm syýasy we ykdysady merkezdigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Italiýa Türkmenistanyň Ýewropada iň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirdi.
Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde geçiren gepleşikleriniň iki ýurduň arasyndaky netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmakda we giňeltmekde möhüm binýat bolup hyzmat etjekdigini aýtdy.
Türkmenistan bilen italýan kompaniýalarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň bilelikdäki taslamalarda, hususan-da, energetika, ulag, oba hojalygy, şeýle hem ýokary tehnologiýalar we innowasion çözgütler ýaly strategik ugurlarda özüniň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezendigi aýratyn bellenildi..
Stefano Pontekorwo döwlet Baştutanymyza netijeli duşuşyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, italiýaly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we «Leonardo S.p.A.» italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwo Türkmenistanyň hem-de meşhur italýan kompaniýasynyň işewürlik gatnaşyklaryny uzak möhletleýin we özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.