Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşdy

2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň zalynda Maýkl Tilmanyň ýolbaşçylygynda «Umyt üçin aýdym» atly ýaşlar horunyň, «Metropoliten» horunyň, pianinoçy Dewid Wotkinsiň çykyşlaryna tomaşa edildi.
Konsertden soňra, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy hanym Annalena Berbok çykyş etdi we çykyşynda Guramanyň taryhy, häzirki zaman wehimleri barada hem-de bilelikde işlemegiň zerurlygy barada ýatlatdy.
Soňra Milletler Bileleşiginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan wideofilm görkezildi.
Wideofilm tamamlanandan soň, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş etdi. Baş sekretar öz ýüzlenmesinde BMG taryhynyň dowamynda bu guramanyň işgärleriniň ýeňil bolmadyk alyp barýan işleriniň möhümdigini belläp geçdi. Häzirki hakykatlara ünsi çekdi we bilelikdäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy.
Şeýle hem ol «Öňe gitmek üçin ýeke-täk ýol bu – bilelikde hereket etmekdir. Geliň, şu pursata mynasypdygymyzy aýdyňlyk, gaýduwsyzlyk we ynam bilen subut edeliň. Geliň, parahatçylyk wadasyny hakykata öwüreliň» diýip belledi.
2021-nji ýylyň parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Mariýa Ressa ýygnakda çykyş etdi. Ol öz ýüzlenmesinde häzirki döwrüň ýagny sanly zamanda adam hukuklarynyň we maglumat howpsuzlygynyň wehimleri barada aýdyp geçdi.
Şeýle hem, bu çärede parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi we Liberiýanyň ozalky Prezidenti Ellen Jonson-Sirlifyň we Norwegiýanyň ozalky Premýer-ministri Gro Harlem Brundtlandyň çykyşlary boldy.
Çykyşlarda BMG-niň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we adam hukuklaryny üpjün etmekdäki möhüm orny bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda parahatçylyk Ilçisi şahyr Merýem Bukar Hasan çykyş etdi.
Ýeri gelende bellesek, bu öňe sürülen garaýyşlar, BMG-niň häzirki zaman halkara gatnaşyklaryň ulgamynyň sütüni, halkara gatnaşyklarynda döwletleriň bähbitlerini, parahatçylygy goramagyň we üpjün etmegiň esasy hökmünde garalýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri bilen sazlaşygy emele getirýär.