Aşgabatda “Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa” atly halkara maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Aşgabat şäherinde parahatçylyk, durnukly ösüş hem-de migrasiýa meseleleri boýunça halkara maslahat geçirildi. Çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemledi. BMG-niň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025-nji ýyl» atly kararnamasy bilen baglylykda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda guralan bu maslahat ählumumy hem-de sebit syýasatynda ynamyň binýatlyk ähmiýetini nygtaýar.
Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan hem-de Özbegistandan migrasiýa we migrasiýa syýasaty bilen bagly bolan meseleler bilen meşgullanýan döwlet düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem çärä sebitde öňdebaryjy tejribesi bolan ýurtlardan, şol sanda Azerbaýjandan, Eýrandan, Russiýa Federasiýasyndan we Türkiýeden bilermenler hem-de halkara guramalarynyň wekilleri çagyryldy.
Açylyş dabarasynda çykyş edenler bu maslahatyň parahatçylyk we birek-birege hormat goýmak, hususan-da, migrasiýa işleri, migrantlaryň hukuklaryny goramak we ekologik durnuklylygy üpjün etmek bilen baglylykdaky ýörelgeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin meýdança bolmaga gönükdirilendigini bellediler. Maslahata gatnaşyjylar sebitleýin ösüş hem-de durnuklylyk üçin möhüm ähmiýete eýe bolan esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Birinji bölümçe şahsyýeti anyklamaga hem-de resminamalary düzgünleşdirmäge bolan häzirki zaman çemeleşmelerine bagyşlandy, onuň çäklerinde migrasiýa dolandyryşynyň howpsuzlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak babatynda tejribe alşyldy, şeýle hem resminamalaryň galplaşdyrylmagyna we bikanun migrasiýa garşy göreş bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ekologiýa wehimlerine hem-de olaryň migrasiýa edýän täsirine bagyşlanan ikinji bölümçede howanyň üýtgemeginiň we daşky gurşawyň zaýalanmagynyň migrasiýa üçin netijelerine, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça halkara başlangyçlaryna garaldy.
Üçünji bölümçede raýatsyzlygyň soňuna çykmak, olaryň ýollary we kanuny çözgütler ýaly meselelere deglip geçildi. Çykyş edenler raýatsyzlygyň soňuna çykmak babatyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini bellediler.
“Migrasiýanyň geljegi: innowasiýalar we sanly çözgütler” atly dördünji bölümçede elektron wizalar, sanly migrasiýa kartlary ýaly sanly tehnologiýalary peýdalanmagyň dünýä ösüş ugurlary hem-de aç-açanlygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin emeli aňyň migrasiýa işlerini dolandyrmakdaky orny ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Sebitleýin hyzmatdaşlyk: Parahatçylyk we ynanyşmak migrasiýa syýasatynyň esasy hökmünde” bäşinji bölümçäniň mowzugy boldy. Ara alyp maslahatlaşmalar hyzmatdaşlygyň gurallaryna, migrasiýa akymlaryny dolandyrmakda öňdebaryjy tejribäniň alşylmagyna hem-de durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ünsi jemledi.
Bu möhüm çäräniň Aşgabatda geçirilmegi Türkmenistanyň parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşe hem-de Merkezi Aziýada migrasiýa işleriniň kämilleşdirilmegine ýardam bermek bilen, möhüm ählumumy hem-de sebitleýin meseleler boýunça dialogy öňe sürmekdäki we goldamakdaky işjeň ornuny tassyklaýar.