BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni

img
img
img
img

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň yglan edilmeginiň hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýakynda Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi.

Türkmen wekilleriniň, BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçysy doktor Hans Klýugeniň, BSGG-niň bölüm ýolbaşçylarynyň, şeýle hem sanly ulgam arkaly göni aragatanşykda BSGG agza bolan dürli döwletleriň wekilhanalarynyň ýolbaçylarynyň we hünärmenler düzüminiň gatnaşmagynda bu çäre ýokary guramaçylykly derejesinde geçirildi.

Onuň açylyş dabarasyna gatnaşan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory doktor H.Klýuge tejribe alyşmaga döredilen şular ýaly mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Prezident Serdar Berdimuhamedowa öz adyndan we guramasynyň wekilleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň gününiň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda wekilçilikli toparyň ýolbaşçysy bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory doktor Hans Klýugeniň arasynda geljekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçylary we bölüm müdirleri bilelikde «tegelek stol» görnüşindäki maslahata gatnaşdylar. Onda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri beýan edildi.

Maslahatyň barşynda 2025-nji ýylyň 10-12-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly geçiriljek halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň, bu sebitiň ýurtlarynyň Saglygy goraýyş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň edaralarynyň hem-de beýleki halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara saglygy goraýyş maslahatyny geçirmek baradaky, bu maslahata taýýarlyk görlüşi hem-de onuň gün tertibine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem çäräniň çäginde surat sergisi gurnaldy.