Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

2025-nji ýylyň 7-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Hökümetiniň Başlygyny mähirli mübärekläp, Gruziýanyň ýurdumyzyň dosty we ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäniň ýurdumyza şu gezekki saparynyň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara dialogyň möhüm ugry bolup durýar. Energetika, senagat, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky özara gatnaşyklarda oňyn netijeler gazanyldy.
Ulag-logistika pudagy hem hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan “Hazar deňzi — Gara deňiz”, “Lapis Lazuli”, “Ýaşyl” port ýaly taslamalary durmuşa geçirmäge we ösdürmäge gyzyklanma bildirýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki günde ýurtlarymyzyň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny özara talaplara we mümkinçiliklere laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ýeterlik kuwwata eýediklerini belledi. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi aýdyldy. Medeniýet we sungat, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de tejribe alyşmak, bilelikdäki çäreleri, sergileridir maslahatlary geçirmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde Gruziýanyň goldawyna ýokary baha berilýändigini nygtady. Şol başlangyçlaryň biri-de 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklipdir. Bu teklip BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martynda kabul eden Kararnamasy arkaly berkidildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýokary wekilçilikli forumyň geçiriljekdigini we onuň taryhy sene — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belledi hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäni bu ýokary derejeli çärä gatnaşmaga çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Gruziýanyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Ol Prezident Mihail Kawelaşwiliniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirip, Gruziýanyň Bitarap Türkmenistanyň netijeli syýasatyna ýokary baha berýändigini, sebitde parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny goldaýandygyny nygtady.
Irakliý Kobahidze syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp, ulag-logistika, energetika pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Şeýle hem şu gün iki ýurduň wekiliýetleriniň duşuşygynda gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berjekdigi nygtaldy.
Döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmagyň dowamynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň we Gruziýanyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
* * *
Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Olaryň gün tertibine dürli ulgamlardaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi.
ПоGepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk we özara administratiw ýardam hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda ösümlikleri goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Gruziýanyň Sport ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Şu gün Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary gruzin kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirdiler. Olaryň dowamynda dürli pudaklarda özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
* * *
Resmi saparyň çäginde Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze üçin medeni maksatnama guraldy.
Gruziýanyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistana resmi saparyny tamamlap, Aşgabatdan ugrady.