ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenilen Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenilen Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy jenap Stipraýsy jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa üstünlikleri arzuw etdi. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda Merkezi Aziýa–ÝB formatynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ÝB we onuň institutlary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gurallaryny berkitmek arkaly syýasy-diplomatik gatnaşyklary ilerletmek barada pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan–ÝB” bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogynyň, şeýle hem Adam hukuklary boýunça dialogynyň ulgamlaýyn işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar energetika, ulag we arabaglanyşyk, daşky gurşawy goramak, hususan-da metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle-de ÝB-niň maliýe düzümleri bilen alnyp barylýan özara gatnaşyklara garaldy.

Hyzmatdaşlygyň ynsanperwer ugruna, bilim taslamalaryna we maksatnamalaryna, institutlaryň hem-de ylmy merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn üns berildi. Taraplar häzirki we geljekki taslamalaryň çäklerinde okuw sapaklaryny geçirmek tejribesini dowam etdirmäge gyzyklanmalaryny mälim etdiler.

Mundan başga-da, diplomatlar şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere taýýarlyk görmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.