Türkmenistanyň DIM-de LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ilkinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirdi
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ilkinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirdi.
Çärä degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli KHBS-iň wekilleri gatnaşdy.
Brifingde şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC-3) taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ilkinji baha beriş missiýasynyň işiniň netijeleri jemlendi.
Rabab Fatima her on ýylda bir gezek geçirilýän bu halkara çäräniň ähmiýetini belläp, LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça çäreleri mundan beýläk-de utgaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.
Halkara maslahaty ýokary derejede geçirmäge gönükdirilen taýýarlyk we protokol-guramaçylyk çärelerini öz wagtynda geçirmek, şol sanda Jemleýji we beýleki resminamalaryň taslamasyny işläp taýýarlamak, LLDC-3 üçin maglumat-habar beriş işini guramak we çäreleriň geçiriljek ýerlerini tehniki taýdan üpjünçiligi meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi.