Türkmen halkynyň Milli Lideri «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy

photo

2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini we munuň özi üçin buýsançly wakadygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda millionlarça tomaşaçysy bolan «Euronews» telekompaniýasy ýaly abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi aýratyn nygtaldy.

«Euronews»-iň habarçylarynyň 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyny, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, şol ýyl ýurdumyzda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini, 2018-nji ýylda «Amul-Hazar» halkara awtorallisini, 2019-njy ýylda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyny beýan etmäge gatnaşmagy muňa aýdyň mysaldyr.

Türkmen tarapynyň Türkmenistanyň parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga we ynanyşmaga çagyrýan başlangyçlarynyň şöhlelendirilmegini goldaýandygy bellenildi.

Şu ýyl biz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny belleýäris. Geçen döwrüň içinde sebit we dünýä ähmiýetli örän köp işler edildi. Olar häzirki wagtda-da üstünlikli amala aşyrylýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletlerini, halkara guramalary parahatçylygy, dostlugy, özara hormat goýmagy, ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýandygyny nygtady. Milli Liderimiz bu maksatlary giň köpçülige ýetirmek işiniň «Euronews» ýaly meşhur, ygtybarly we iri köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň goldawy bilen mümkin boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Pedro Wargas Dawid ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini, bilelikde köp işleri amala aşyryp boljakdygyny we häzirki wagtda bu ugurda netijeli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugry, dürli ulgamlarda ýetýän belent sepgitleri, baý medeni mirasy, gözel tebigaty dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär.

Ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk ugurlarynda bar bolan mümkinçiliklerini giňden ýaýmak boýunça meşhur köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bu düzümiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirildi.

Duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany hödürländigi bellenildi. Bu resminama 86 döwletiň goldamagynda biragyzdan kabul edildi.

Gahryman Arkadagymyz munuň örän möhüm ädim bolandygyny aýtdy.

Pedro Wargas Dawid Ýer ýüzünde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýan Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny, munuň bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly strategiýasynyň aýdyň netijesidigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda şu ýylyň şygaryna laýyklykda, milli we halkara derejede dürli syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Şunda dünýä Liderleriniň gatnaşmagynda guraljak halkara forum esasy çäreleriň biri bolar. Bu forumy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda ýokary derejede geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň bu ugurda meýilleşdirýän işleriniň Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda anyk beýan edilendigini, Konsepsiýa giň köpçülige elýeterli bolar ýaly, onuň metbugatda hem çap edilendigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz bu resminamada maglumat we habar beriş işine aýratyn üns çekilýändigini belledi we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan dürli çäreleri, dialog meýdançalaryny «Euronews» bilen hem guramagy teklip etdi.

Şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak has-da ýerlikli bolar. «Euronews» telekompaniýasynyň dürli torlarynda köp sanly ulanyjylary bolan sahypalary bar. Agzalan Konsepsiýada parahatçylygyň we ynanyşmagyň ynsanperwer däplerini wagyz etmek işine ýaşlaryň ählumumy çekilmegini gazanmakda jemgyýetçilik torlarynyň uly mümkinçilikleri göz öňünde tutulandyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Şeýl hem Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ýaş žurnalistleriň, bu ugurda okaýan talyplaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýändigini belledi. Şoňa görä, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň bu ugurda «Euronews» bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça tekliplere garamaga taýýardygyny tassyklady.

Pedro Wargas Dawid BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy bolan Türkmenistanyň bu iri halkara gurama bilen dialogy yzygiderli ösdürýändigini, ýurdumyzyň başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygyny nygtady we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, myhman «Euronews»-iň ýörite akademiýasynyň bardygyny belläp, bu ugurda türkmen žurnalistleri bilen özara tejribe alyşmaga, tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň baý medeniýeti, taryhy, syýahatçylyk üçin döredýän mümkinçilikleri baradaky maglumatlary giň köpçülige has täsirli ýetirmek ugrunda täze taslamalara we mümkinçiliklere seretmäge taýýardygyny tassyklady.

«Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy behişdi ahalteke bedewleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny hem-de bu meşhur atlaryň hakyky muşdagy bolan Milli Liderimiziň şeýle özboluşly bedewleriň tohum arassalygyny gorap saklamaga, geljek nesillere ýetirmäge ägirt uly goşandynyň ähmiýetini belledi.

Şeýle hem myhman Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görendigini, türkmen halkynyň döreden bu ajaýyp sungatyny, däp-dessurlaryny metbugatda giňden wagyz etmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawide alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.