Türkmenistanyň DIM-de «Euronews» telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşdy
2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Başlygy Pedro Wargas Dawidiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen «Euronews»-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellemek bilen, gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda ösdürmäge bolan ymtylmasyny beýan etdiler.
Hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, şol sanda Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk ýaly ugurlardaky ösüşleri, durnukly ösüş, ekologiýa, ulag we ýaşyl energetika ulgamlaryndaky başlangyçlary barada giň köpçüligiň habarlylygyny ýokarlandyrmak ýaly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-iň Baş Assambleýasynyň kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara ähmiýetli çärelere aýratyn üns çekildi.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Taraplar türkmen žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de «Euronews» bilen ýerli teleýaýlymlaryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça degişli resminamalary işläp düzmek arkaly özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, söhbetdeşler «Euronews»-iň habarçylaryny Türkmenistanda akkreditasiýa etmek we soňlugy bilen Aşgabatda habarçylar nokadyny açmak mümkinçiliklerine garadylar.