Bişkek şäherinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Bişkek şäherinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen tarapyna Daşary işler ministri Raşid Meredow, gyrgyz tarapyna Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew ýolbaşçylyk etdi.

Konstruktiw ýagdaýda geçirilen geňeşmeleriň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleriniň giň toplumy girizildi. Şol bir wagtyň özünde ozal gazanylan döwletara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilişine seljerme we syn berildi, geljekki bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi hem-de dürli derejelerde geçiriljek duşuşyklaryň tertibi jikme-jik gözden geçirildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi hem-de durnukly ynanşykly syýasy dialog barada nygtamak bilen, ministrler iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklarynyň däp bolan hyzmatdaşlygyň depginli ösmeginiň esasyny düzýändigini, olaryň netijeleriniň türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryna uly itergi berýändigini aýtdylar.

Gepleşikleriň dowamynda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu şanly ýylda ýurdumyzyň bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem giňden dabaralandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilelikde amala aşyrylmaly hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara guramalarynyň, hususan-da BMG, ÝHHG, YHG, şeýle hem “Merkezi Aziýa +” formatlarynyň ugry boýunça Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýeti hem-de oňyn tejribesi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň halkara guramalaryndaky başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şeýle-de diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatynda ýurtlaryň kanun çykaryjylyk işi babatyndaky hyzmatdaşlygynyň strategiýasyny işjeňleşdirmek maksady bilen, parlamentara gatnaşyklarynyň geljegine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, ministrler daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Söwda-ykdysady ulgamda bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmak, özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin ähli gurallary netijeli ulanmagyň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň ähmiýetini bellediler.

Gepleşiklere gatnaşyjylaryň özara pikirlerine görä, ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, söhbetdeşler dostlukly ýurtlarda birek-biregiň Medeniýet günlerini, beýleki döredijilik çärelerini guramak, ylym-bilim hem-de sport ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigini tassykladylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025–2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.