Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana amala aşyran saparynyň çäginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň Prezidentiniň adyna ýollanan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Masud Pezeşkian iň gowy arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna öz gezeginde mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Eýran-türkmen gatnaşyklarynyň işjeňleşýändigini belläp, Prezident 10-njy fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň ähmiýetini nygtady. Onuň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Prezident Masud Pezeşkian Türkmenistan bilen energetika, ulag, suw çeşmeleri we beýleki ugurlarda konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmekde Eýranyň ygrarlylygyny beýan etdi.
Taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde bilelikde geçiriljek çäreleriň ähmiýetini bellediler.