Türkmenistanyň DIM-de türkmen-awstriýa syýasy geňeşmeleri geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, awstriýa tarapyna Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça Baş direktorynyň orunbasary, Russiýa, Gündogar Ýewropa we Günorta Kawkaz, Gündogar hyzmatdaşlygy, Türkiýe we Merkezi Aziýa, Arktika boýunça departamentiniň direktory Gerhard Saýller ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar şu gezekki duşuşygyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň we Awstriýanyň Bitaraplygynyň 70 ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýändiginiň  möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Iki ýurduň arasynda halkara düzümleriniň, hususan-da BMG-niň, ÝHHG-nyň we ÝB-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň halkara guramalaryndaky başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça alnyp barylýan özara gatnaşyklar babatynda diplomatlar geçen ýylyň martynda Wena şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň we Awstriýanyň syýasat edaralarynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen bagly meselelere degip geçdiler.

Söwda-ykdysady ugurdaky özara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtmak bilen, taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar we onuň geljegi uly hasaplanylýan ugurlaryny kesgitlediler.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň türkmen-awstriýa dialogynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bilen ylalaşdylar.

Syýasy geňeşmeleriň ahyrynda özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, ýola goýlan gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.