Gwatemala Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanyň DIM-de ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Eduardo Enrike Ernandes Resinosyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
A.Gurbanow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Türkmen tarapy ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan etmek hakynda Kararnamasyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, gwatemala tarapynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmagy bilen bagly meselä deglip geçildi.
Taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi.
Geljegi uly bolan birnäçe ugurlardaky gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Gwatemalanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, şol sanda halkara guramalarynyň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Gwatemalanyň doly ygtyýarly wekili ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.