Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-a agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň mejlisine gatnaşdy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň birinji mejlisine gatnaşdy.

Mejlise YHG-e agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, sebit guramalarynyň, şeýle hem YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, sebit institutlarynyň we düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine YHG-nyň çäklerinde maliýe-býudjet ugrundaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem “ECO Vision 2025” maksatlarynyň durmuşa geçirilişine we bu köptaraplaýyn düzümiň işiniň gurallaryny kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garamak meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow öz çykyşynda halkara jemgyýetçiliginiň jogapkär agzasy hökmünde Türkmenistanyň YHG-nyň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselesine ygrarlydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, YHG-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýyşlary, şeýle hem ýurdumyzyň YHG-nyň ösüş strategiýasy babatyndaky teklipleri beýan edildi. Hususan-da, A.Gurbanow 2024-nji ýylda Türkmenistanyň halkara meýdançalarynda öňe süren esasy teklipleriniň hatarynda bolan ýurdumyzyň Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny we Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek we ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek baradaky başlangyçlaryna mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Mundan başga-da, sebitleýin utgaşygyny çuňlaşdyrmak, syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, adam maýasyny we institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmak üçin möhüm gural bolan YHG-nyň Söwda şertnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellendi.

YHG-e agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň birinji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda  gysga wagtlaýyn duşuşygyň geçirilendigi bellärliklidir.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.