Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşyk boldy

2018-nji ýylyň 23-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna GDA-nyň Synçylar wekiliýetine baştutanlyk edip türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedew bilen duşuşyk boldy.
Gepleşikleriň barşynda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar barada, şeýle-hem halkara synçylaryň işiniň gurnalyşy barada pikir alşyldy.
Duşuşygyň barşynda taraplar GDA-nyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Soçi şäherinde geçen GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlarynyň durmuşa geçirlişine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem taraplar, şu ýylda GDA-da bilelikde başlyklyk edýän döwründe Tükmenistanyň alyp barýan işlerine seljerme berdiler we Türkmenistanyň GDA-da geljekde başlyklyk etmegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şü jähtden Arkalaşygyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň uly goşant goşýandygy bellenilip geçildi.