img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - BERLIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ SAÝLAWLARY ÖZ IŞINE BAŞLADY

photo

Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu gün, 26-njy martda, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary öz işine başlady.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň çäginde bolýan Türkmenistanyň raýatlary özleriniň raýatlyk borçlaryny berjaý etmek üçin Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda döredilen 1-nji saýlaw uçastogyna ses bermäge geldiler.