RSS

SOŇKY HABARLAR

20 Noý

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon gepleşigi barada

2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

DOWAMY
20 Noý

Türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlamak bilen, türkmen tarapynyň öňa döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmek ugrunda diplomatik işini ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi. Duşuşygyň dowamyn...

DOWAMY
18 Noý

Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi öz işini tamamlady

2023-nji ýylyň 17-18-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Mejlis Toparyň başlyklary - Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça özara bähbitl...

DOWAMY
18 Noý

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň başlyklarynyň duşuşygy barada

2023-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetleriniň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň başlyklary R.Meredow bilen M.Bazrpaşanyň ýolbaşçylygynda duşuşyk geçirildi. Ministrler iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çalt depginli we yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Duşuşykda söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, şu günler Aşgabatda...

DOWAMY
18 Noý

Aşgabatda türkmen-eýran işewürlik forumy geçirildi

2023-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet we hususy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik forumy geçirildi. Forumyň işine Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary - Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar bu çäräniň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we logistika ýaly...

DOWAMY
18 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi

2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Mehrdad Bazrpaşyň belleýşi ýaly, Eýranda Türkmenistan bilen umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary pugtalandyr...

DOWAMY
18 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministrini kabul etdi

2023-nji ýylyň 17-nji noýabryndaTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Liderine Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, Birleşe...

DOWAMY