RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Maý

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady we şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy. Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde türkm...

DOWAMY
pic
16 Maý

Türkmenistanyň DIM-de türkmen-eýran parlamentara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Eýran-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Abdoljalal Iriniň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar parlamentara gatnaşyklary, energiýa, ulag, söwda, medeniýet we bilim ýaly ugurlar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys mese...

DOWAMY
pic
16 Maý

Türkmenistanda Litwa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kestutis Waşkelýawiçýusdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara gatnaşyklary berkitmek ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly...

DOWAMY
pic
16 Maý

KHBS üçin habar

Şu gün, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdmuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary başlaýar, ol ýerde Gahryman Arkadagymyz "Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum" atly her ýyl geçirilýän XVI Halkara Ykdysady Forumyň  işine gatnaşar. Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagyna ýurdumyz Russiýa Federasiýasy we Yslam dünýäsi bilen köpugurly gatnaşyklary saklamak,  syýasy, ykdysady, söwda, medeniýet we gumanitar ugurlar boý...

DOWAMY
pic
14 Maý

Türkmenistan nebitgaz pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär

2025-nji ýylyň 14-nji maýynda Aşgabatda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň bu ugra degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen halkara derejeli duşuşyk boldy. Duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdy...

DOWAMY
pic
14 Maý

Aşgabat şäherinde Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady

2025-nji ýylyň 13-nji maýynda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi bilen bilelikde guramagynda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady. Bu iri sebit maslahaty howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Merkezi Aziýa sebitinden alymlaryny, bilermenlerini we hünärmenlerini, BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň agzalaryny türkmen paýta...

DOWAMY
pic
13 Maý

Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary – BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Gazagystan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Stiwen O’Malli, BMG-niň Gyrgyz Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Antje Grawe hem-de BMG-niň Özbegistan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sabine...

DOWAMY