img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - BERLIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Noý

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtal...

DOWAMY
pic
30 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşdy. Ir bilen Türkmenistanyň Baştutany Türkiýäniň Prezidentiniň Köşkler toplumyna bardy. Bu ýerde türk lideri Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşylady we bilelikde ýadygärlik surata düşdiler.  Sammite gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň XIII sa...

DOWAMY
pic
29 Okt

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy

2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Ankara şäheriniň “Etimesgut” howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkiýäniň işewürleri mähirli garşyladylar. Günüň ikinji ýarymynda Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary...

DOWAMY
pic
28 Okt

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky işini tamamlaýan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmakda, lukmançylyk hy...

DOWAMY
pic
28 Okt

Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi. Türkmenistan sammite myhman hökmünde gatnaşdy. Ýurdumyzyň wekiliýetine Türkmenistanyň döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga gatnaşyjylar tebigy gazyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ornuny hem-de bu ýangyjyň dünýä b...

DOWAMY
pic
27 Okt

Türkmenistanyň medeniýet ministriniň baştutanlygyndaky wekiliýeti Bakuda geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň medeniýet ministri G.Myradaliýewiň baştutanlygyndaky wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy. Wekiliýetiň ýolbaşçysy milli gymmatlyklary gorap saklamak, medeni mirasy geljekki nesillere ýetirmek hem-de medeniýetara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlap çykyş etdi. Öz çykyşynda ministr Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň milli däp-dessurlary, medeni özboluşlylygy we taryhy mirasy gorap saklamaga, şeýle hem o...

DOWAMY
pic
26 Okt

Türkmenistanyň DIM-inde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça 2026–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça 2026–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda öňde durýan işleriň esasy ugurlary, tematik çäreleri guramak boýunça teklipler, şeýle hem gyzyklanma bildirýän döwlet edaralarynyň we guramalarynyň işini utgaşdyrmak bilen bagly meseleler gö...

DOWAMY