SOŇKY HABARLAR
Merkezi Aziýanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň 95-nji mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň (DUSHK) 95-nji mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistan tarapyndan guralyp, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.M.Gendjiýewiň ýolbaşçylygynda geçirildi. Mejlise DUSHK-nyň agzalary – Gazagystan Respublikasynyň Suw serişdeleri...
Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlyklyk etmeginde geçirilip, oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň degişli ministrleri we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäre suw hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri we sebitara gatnaşyklaryň mundan beýlä...
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşyldy. Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň ara...
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Fridrih Merse we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Türkmenistan we Germaniýa Federatiw Respublikasy özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Biz bar bolan giň mümkinçilikleri göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn g...
Türkmenistanyň Maýa goýum forumy Aşgabatda dowam edýär
2026-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan guralýan forum döwlet düzümleriniň, halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary derejeli wekillerini hem-de bilermenlerini gatnaşýarlar. Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň işi «Maýa goýum işjeňligi — ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösüşiniň esasy ş...
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi. Döwlet Baştutanymyz assosiasiýanyň agzalaryny mähirli mübärekläp, ýurdumyzyň baş baýramynyň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň geçirilýändigini belledi. Bellenilişi ýaly, milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak Türkmenistanyň alyp barýan döwlet...
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň umumy pikir alyşmalarynda çykyş etdi
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ýokary derejeli hepdeliginiň çäginde geçirilen 81-nji sessiýasynyň umumy pikir alyşmalarynda çykyş etdi. W.Hajiýew öz çykyşynyň başynda Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan dünýä ýurtlarynyň halklaryna mähirli salamyny, şeýle-de parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hemişelik wekil BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sess...