SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy geçirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Mihael Harms Gahryman Arkadagymyza duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de Germaniýada Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle-de ol pursatdan peýdalanyp, Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Federa...
Türkmenistan Parahatçylyk medeniýeti boýunça BMG-niň ýokary derejeli forumynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň garaýşyny beýan etdi
2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda «Parahatçylyk medeniýetini ilerletmekde zenanlaryň liderligi» atly Parahatçylyk medeniýeti boýunça Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýokary derejeli forum geçirildi. Çäre BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy Annalena Berbok tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80/294 belgili «Parahatçylyk medeniýeti hakyndaky Jarnama we Hereketler maksatnamasy bilen bagly işleriň do...
DIM-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler bilen duşuşdy. Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ilçini ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlady we Türkmenistanda diplomatik işini ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady...
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2026-njy ýylyň 24-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. llçi duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, dürli ulgamlarda uly ösüşleri gazanýan Türkmenistanda Germaniýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Germaniý...
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlary
Türkmenistan halkara işleriň işjeň gatnaşyjysy hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde adamzadyň öňünde durýan has derwaýys we wajyp meseleleri çözmek barada öz garaýyşlaryny beýan eder hem-de olaryň netijeli çözülmegine gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürer. Bitaraplygyň umumy ykrar edilen derejesine berk eýermek, parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy berkitmek maksady bilen işjeň gepleşikleri hemmetaraplaýyn goldamak, netijeli sebit we sebitara hyzmatdaşlygy...
Türkmen kompozitorlarynyň eserleri Berlinde geçirilen «Young Euro Classic» festiwalynda ýaňlandy
Berlin şäherinde «Young Euro Classic» at bilen ýaşlar simfoniki orkestrleriniň XXVII halkara festiwaly geçirilýär. Bu festiwal ýaş sazandalaryň döredijiligini halkara giňişliginde görkezýän dünýäniň iri medeni çäreleriniň biridir. 9-njy awgustda Türkmenistanyň Ýaşlar simfoniki orkestri Türkmenistanyň at gazanan artisti, dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda «Konzerthaus» sahnasynda baý mazmunly saz maksatnamasy bilen çykyş etdi. Maksatnama türkmen nusgawy kompozitory Çary Nurymowyň fortepi...
KHBS üçin maglumat
2026-njy ýylyň 25-nji iýulynda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Hazar deňziniň suw giňişliginde deňiz gämisine edilen hüjüm barada maglumatlar çap edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle hereketleriň ýol berilmesizdigini beýan edýär. Türkmenistan hazarýaka döwletleriniň biri bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurt hökmünde Hazar deňziniň parahatçylygyň, agzybi...