SOŇKY HABARLAR
Baku şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Baku şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň VII sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň arasyndaky do...
Türkmenistan Jakartada ÝUNESKO-nyň seminaryna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Indoneziýanyň paýtagty Jakartada ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň ýady” maksatnamasynyň “Dokumental köpdürliligi giňeltmegiň mümkinçiligi” atly halkara okuw seminarynyň açylyşy boldy. Seminaryň esasy maksady halkara hyzmatdaşlygy berkitmekden, şeýle-de ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň ýady” maksatnamasynyň halkara sanawyny aýawly saklamak we oňa gymmatly dokumental mirasy hödürlemek babatda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň işgärler we tehniki mümkinçiliklerini ýokarlandyrm...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri, şeýle hem bar bolan mümkinçilikleri we taraplaryň özara bähbitlerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, hereket edýän ikitaraplaýyn w...
Aşgabatda DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi öz işine başlady
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Hazarüsti ulag geçelgesiniň çäklerinde hünär başarnyklaryny ösdürmek meselesine bagyşlanan DARYA sebit maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlandy. Mejlisiň birinji gününde ulag-logistika pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, hünär bilimi ulgamyny ösdürmek we Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşary i...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen Ýewropa Bilim gaznasynyň direktorynyň arasynda duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bilim gaznasynyň direktory Pilwi Torstiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Pilwi Torsti Türkmenistana DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 2026-njy ýylyň 13–14-nji oktýabrynda geçiriljek bäşinji mejlisine gatnaşmak üçin geldi. Taraplar bilim we hünär taýýarlygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda hünär bilimi ulgamyny döwre...
Türkmenistanyň DIM-inde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Korinn Kapuano bilen duşuşyk geçirildi. M.Bäşimowa Korinn Kapuano «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçirilen «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahata gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildird...
Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň (AHÝKM) Merkezi Aziýa boýunça sebit wekiliniň orunbasary Ennio Boati bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlygynyň, şol sanda durmuş syýasaty, gender deňligi we hukugyň hökmür...