RSS

SOŇKY HABARLAR

30 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-NYŇ Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-IŇ Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza we Arkadagymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň hem-de Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li...

DOWAMY
29 Noý

Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň mejlisi geçirildi

2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, HHR-nyň wekiliýetine bolsa, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi. Hökümetara komitetiň ýolbaşç...

DOWAMY
29 Noý

Türkmenistan we Hytaý ählitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyga gönükdirilen ugruny tassyklaýar

2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Aşgabada iş sapary bilen gelen, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda R.Meredow hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy bo...

DOWAMY
29 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny...

DOWAMY
29 Noý

Türkmen-azerbaýjan işewürlik forumynyň mejlisi geçirildi

2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmen-azerbaýjan işewürlik forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň, şol sanda nebitgaz, dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk harytlarynyň önümçiligi, derman senagaty, ulag-logistika, maglumat tehnologiýalary we beýleki pudaklarda ýöriteleşen kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýew we Azerba...

DOWAMY
28 Noý

Türkmenistan we Azerbaýjan hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegiň ugrunda

2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy.   Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösüşiniň depginli häsiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki duşuşyklaryň we söhbetdeşlikleriň syýasy-diplomatik gepleşikleri güýçlendirmekde aýratyn orny bellendi. Ministrler şu gün Aşgabatda geçirilen Ykdysad...

DOWAMY
28 Noý

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýew, azerbaýjan wekilýetine Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň dowamynda iki döwletiň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 6-nj...

DOWAMY