SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-de türkmen diplomatlary bilen maslahat geçirildi
2018-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen diplomatlary bilen maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan öz işini tamamlan türkmen Ilçilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem olar ýörite diplom bilen sylaglandylar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň türkmen diplomatlarynyň işlemeklerine döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin sagbolsun sözlerini aýtdylar...
Türkmenistanyň DIM-de Gambiýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2018-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gambiýa Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň sekretary, Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ebrima Sisaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki iri halkara guramalarynyň çäklerindäki syýasy gatnaşyklarynyň netijeliligine ýokary baha berdiler. Şeýle hem duşuşyg...
Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça tegelek stoluň başyndaky gepleşikler
2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça tegelek stoluň başyndaky gepleşikler geçirildi. Tegelek stoluň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet min...
Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
2018-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edara binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň pudaklaýyn hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatlary gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu dabara Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu, Türkiýe Respublikasy...
Türkmenistanyň Ilçisiniň Rim Papasyna ynanç hatlaryny gowşurmagy
2018-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Watikandaky Mukaddes Pýotryň Ybadathanasynda Türkmenistanyň Mukaddes Tagtdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atageldi Haljanow (ýerleşýän ýeri Ženewa ş.) Watikanyň Baştutany Onuň Merhemetlisi Rim Papasy Fransiska öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Gysga gürrüňdeşligiň barşynda Türkmen Ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rim Papasy Fransiskiň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň...
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk
2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili j-p Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler. Owganystanyň daşyndaky syýasy ýagdaýyň...
Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy boldy
2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan «Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary» atly halkara ylmy maslahaty we serginiň açylyş dabarasy boldy. Maslahata Mejlisiň deputatlary, ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary...