RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Dek

Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwer meseleleri boýunça kömekçisi bilen duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ynsanperwer meseleleri boýunça kömekçisi Raşid Halikowyň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň goňşy ýurtlara hem-de tebigy hadysalarynyň netijelerinde ejir çeken ýurtlara berýän kömegini belläp geçdiler, şeýle hem Guramanyň adatdan daşary hadysalara taýyn bolmak we dessine çäre görme...

DOWAMY
pic
10 Dek

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Kuweýt Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşygy

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Majdi Ahmad Al Dhafiriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Birek-birek bilen salamlaşanlaryndan soň, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň öňe gidýän ösüşini bellediler. Muňa iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň arasynda bar bolan doganlyk we özara ynanyşmak gatnaşyklary, saparlar we s...

DOWAMY
pic
10 Dek

Daşary işler ministrliginde Türkmen-Polýak hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak maksady bilen gelen Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) j-p Marek Ýanuş Salka bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meseleleri...

DOWAMY
pic
7 Dek

ÝUNESKO-nyň ministrler derejesindäki halkara maslahatynyň plenar mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde ÝUNESKO tarapyndan «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara ministrler derejesindäki maslahatynyň plenar mejlisi tamamlandy. Dünýäniň 40-а golaý ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän halkara maslahatynyň maksady Beýik Ýüpek ýolunyň durnukly ösüşi gazanmak üçin ähmiýetini hem-de wajyplygyny görkezmekden, häzirki wagtdaky jemgyýetlerde mede...

DOWAMY
pic
6 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen gitdi

2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen gitdi. Bu iş saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl Sammitine gatnaşmaklygy we onda çykyş etmekligi göz öňünde tutulýar.

DOWAMY
pic
4 Dek

Aşgabatda Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetine we mümkinçiliklerine bagyşlanan ýokary derejeli çäreler geçiriler

2018-nji ýylyň 6–7-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti UNESKO bilen hyzmatdaşlyk esasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatyny gurnaýar. Maslahatyň işine ýokary derejeli wekilleriň gelmegine garaşylýar. Maslahatyň işi mejlisler görnüşinde geçirilip, medeniýetara gepleşikleri, parahatçylygy we 2030-njy ýyl üçin BMG-niň gün tertibini ýerine ýetirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän halklaryň...

DOWAMY
pic
30 Noý

ÝTÖB-niň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory j-p Nil Makkeýniň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara forumlarynda ÝTÖB-niň wekilleriniň işjeň gatnaşýandyklary üçin türkmen tarapy öz minnetdarlygyny aýtdy. Soňra, taraplar Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasynda işjeň hyzmatdaşlygynyň...

DOWAMY