Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasyndaky çykyşynyň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmäge çagyrdy

2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 75-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdeligi başlandy. Hepdeligiň dowamynda döwlet we hökümet baştutanlarynyň wideo-çykyşlary görkeziler. Şu gün, ilkinjileriň hatarynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy görkezildi.

Döwlet baştutany öz çykyşynda halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny jikme-jik beýan etdi hem-de syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.

Çykyşynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Ýer ýüzüniň koronawirus pandemiýasynyň täsirine döz gelmedik ýaşaýjylarynyň sanynyň ýüz müňlerçä ýetmegi zerarly, çuňňur gynanç sözlerini beýan etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine laýyklykda hem-de BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek arkaly bu howpa garşy göreşmek boýunça Türkmenistanda alnyp barlan çäreleriň üstünde durup geçdi.

Döwlet Baştutany pandemiýany çalt ýeňip geçmek üçin hünärmenleriň ýakyndan ysnyşykly işlemegi we bütin dünýäniň ylmy-lukmançylyk jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşdirilmegi ähli döwürdäkilerden has zerur bolup durýandygy barada belläp geçdi. Howply ýokanç keselleriň meseleleri boýunça toplumlaýyn, ulgamlaýyn we maksada gönükdirilen köptaraply gatnaşyklaryň ähmiýeti barada aýdyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ylmy diplomatiýanyň ýollaryny doly açmagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem BSGG-niň howandarlygynda koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýörite maksatnamasynyň hem-de ýiti ýokanç kesellerini bejermek we olaryň öňüni almak boýunça Usulyýet merkeziniň döredilmeginiň maksadalaýykdygyny belledi.