SOŇKY HABARLAR
Birleşen Patyşalygyň Döwlet ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Birleşen Patyşalygyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we deňiz aňyrsy çäkler boýunça Döwlet ministri Stiwen Dautiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda britan tarapy Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna Ýakyn Gündogardaky çylşyrymly ýagdaý bilen baglanyşykly Birleşen Patyşalygynyň raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyna berlen ýardam üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu ädi...
Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi. Tegelek stol maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, şeýle hem ykdysa...
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidentini kabul etdi
2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi. Duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, jenap Ýan Inmin Aziýa ösüş bankynyň ykdysady ösüşiň durnukly depginini görkezýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn ykdysad...
Сообщение для средств массовой информации
23 июня 2025 года состоялся визит Министра иностранных дел Исламской Республики Иран Сейеда Аббаса Аракчи в Туркменистан. В тот же день на встрече в Министерстве иностранных дел Туркменистана главы внешнеполитических ведомств Туркменистана и Ирана обсудили широкий спектр вопросов двустороннего сотрудничества. Стороны обменялись мнениями по международным и региональным вопросам, представляющим взаимный интерес, в частности по ситуации, складывающейся в настоящее время на Ближнем Востоке....
Türkmenistanyň ýardam bermegi bilen 4000-e golaý adam Watanyna dolanyp geldi
Türkmenistan ynsanperwer geçelgeleri arkaly Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlarynyň päsgelçiliksiz üstaşyr geçmegini üpjün edýär. Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda şu güne çenli 52 sany döwlet öz raýatlarynyň Watanyna dolanmagyna ýardam bermek haýyşy bilen Türkmenistana ýüz tutdy. Ähli haýyşnamalar daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda haýal etmän işlenilýär.
Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi
2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Gresiýanyň wekiliýetine Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň Russiýa, Ukraina, Kawkaz, Gara deňiz we Merkezi Aziýa boýunça müdirliginiň direktory Dimitrios Mihalopulos ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça konst...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparlarynyň başlyklarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň başlygy Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hiroýuki Subaýyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iň ýokar...