RSS

SOŇKY HABARLAR

15 Few

Aşgabatda Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde türkmen-gruzin syýasy geňeşmeleri geçirildi

2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammedurdyýewiň we Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň gatnaşmagynda türkmen-gruzin syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň dürli derejelerde yzygiderli aragatnaşy...

DOWAMY
14 Few

Merkezi Aziýa döwletleriniň we ÝB-niň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň nobatdaky duşuşygyna Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy

2024-nji ýylyň 14-nji fewralynda Bişkekde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň bäşinji duşuşygy geçirilýär, oňa BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Owganystana kömek bermek boýunça missiýasynyň başlygy gatnaşdy. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda gatnaşyjy ýurtlaryň hünärmenleri durmuş-ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça häzirki ösüş ýagdaýy, şol sanda O...

DOWAMY
14 Few

Türkmenistanyň Prezidenti “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2024-nji ýylyň 13-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Leonardo S.p.A.” italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Stefano Pontekorwo Italiýanyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly ähmiýet berýändikleri nygtady we şunuň bilen baglylykda, “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklady. Döwlet Baştutany Italiýanyň Ýewropada Türk...

DOWAMY
13 Few

UNIDO bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitine (WGS 2024) gatnaşmagynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäherini gurmak boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) baş direktorynyň orunbasary Jou Siýong bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Arkadag şäheriniň gurluşygynda, hususan-da lukmançylyk klasterini döretmekde UNIDO-nyň tejribesini ulanmak...

DOWAMY
13 Few

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS 2024) mejlisleriniň işine gatnaşdy. “Netijeli syýasat” sessiýasynyň çäklerinde eden çykyşynda R.Meredow dünýä bileleşiginiň jogapkär agzasy bolup, Türkmenistanyň  dünýäniň ählumumy maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan ýurt hökmünde ileri tutulýan garaýyşlary boýunça çemeleşmeler...

DOWAMY
12 Few

Türkmen wekiliýetiniň BAE-ne sapary başlandy

2024-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde Abu Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary , Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise Prezidenti, Premýer-ministriň orunbasary, Prezident Kazyýetiniň başlygy Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli we netijeli...

DOWAMY
7 Few

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2024-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Lideri bilen gadyrly salamlaşyp, türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Gyrgyzystanda bolan hadysa zerarly dostlukly ýurda ynsanperwerl...

DOWAMY