RSS

SOŇKY HABARLAR

8 Okt

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN HABAR

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Bitarap Türkmenistan döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlarynda açyk we aýdyň içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Şunuň bilen, biziň ýurdumyz döwlet gurluşynyň esaslaryny berkitmäge, köp ugurly ykdysady ulgamy döretmäge, möhüm jemgyýetçilik meseleleri çözmäge we türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli we uzak möhletleýin milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýoluna berk eýerýär. Amatly daşarky şertleriň döredilmegi şeýle...

DOWAMY
7 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.  Döwlet Baştutanymyz ozaly bilen RF-niň Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de Russiýanyň halkynyň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.  Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr. Biziň gatnaşyklarym...

DOWAMY
7 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA SERGILER BÝUROSYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda myhman Halkara sergiler býurosynyň ýurdumyz bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady we halkara giňişlikde Türkmenistanyň sergileri guramakda ýokary derejä ýetendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz myhmany mübärekläp, bu saparyň Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň...

DOWAMY
5 Okt

HALKARA GYZYL HAÇ KOMITETI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Žak Barberisiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen HGHK-niň arasynda halkara ynsanperwer hukugynyň ýörelgelerini ilerletmek ugrundaky netijeli hyzmatdaşlygy beýan edildi. Türkmen tarapy Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyý...

DOWAMY
5 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJANYŇ YKDYSADYÝET MINISTRINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi. Myhman Türkmen döwletiniň Baştutanyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Mikail Jabbarow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady. Türkmenistan...

DOWAMY
5 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI АZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat Türkmen döwletiniň Baştutanyna Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we Azerbaýjanyň iki goňşy ýurduň hem-de halkyň bähbidine laýyk gelýän däp bolan döwletara dialoga ygrarlydygyny tassyklaýan sözlerini ýetirdi. Ilçi Prezident Serda...

DOWAMY
4 Okt

LIWIÝANYŇ ÝAŞLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA MINISTRI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK BARADA

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Liwiýanyň ýaşlaryň işleri boýunça ministri Fatalla Elzuni bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar iki ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda, ýaşlar syýasaty ugrundaky gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny nygtadylar. Türkmenistanyň we Liwiýanyň arasynda ylym-bilim, sport ulgamynda gatnaşyklary ilerletmek, iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda dürli forumlary we çäreleri...

DOWAMY