RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Okt

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti Bütindünýä suw geňeşiniň agzalygyna kabul edildi

2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Müsür Arap Respublikasynyň Kair şäherinde Bütindünýä suw geňeşiniň Dolandyryjylar geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Geçirilen geňeşiň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti Bütindünýä suw geňeşiniň agzalygyna kabul edildi. (Goşmaça maglumat)

DOWAMY
pic
29 Okt

Norwegiýada türkmen-norwegiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi

2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Osloda Türkmenistanyň we Norwegiýa Patyşalygynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-norwegiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi. Norwegiýanyň wekiliýetine Norwegiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Audun Halworsen ýolbaşçylyk etdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary, sebit hem-de halkara gün tertibi, şeýle hem Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky ýagdaýlar işjeň ara alny...

DOWAMY
pic
28 Okt

Türkmenistanyň DIM-de Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň Maslahatynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi

2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň 18-nji Maslahatynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistanda işleýan wekilhanalarynyň ýolbaçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň barşynda Türkmenistany...

DOWAMY
pic
28 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2019-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň paýtagtyna resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi.  Gepleşikleriň başynda, myhmany mähirli garşy alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysyna çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Gepleşikler ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara mesel...

DOWAMY
pic
28 Okt

Türkmenistanyň DIM-de Malaýziýanyň Ykdysady işler ministri bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Malaýziýanyň Ykdysady işler ministri Dato Seri Mohamed Azmin bin Aliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda biri-birini mähirli garşylap, taraplar iki ýurduň ykdysadyýet we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygynyň oňyn ösüş dinamikasyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýet ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşin...

DOWAMY
pic
26 Okt

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar

2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Baku şäheriniň Kongressler merkezinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň XVIII Sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň paýtagtyna gelen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Ilham Aliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.    Foruma gatnaşýanlygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjanyň  - 2019-2022-nji ýyllarda Goşulyşmazlyk Hereketine başlyklygy kabul eden ýurduň Prezidenti bitarap Türkmenistanyň alyp barýan “açyk gapylar” we  köpta...

DOWAMY
pic
25 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Goşulyşmazlyk hereketiniň Sammitine gatnaşýar

2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň agza-ýurtlarynyň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtyna iş sapary bilen geldi. Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti Sammitiň geçirilýän ýeri bolan Baku şäheriniň Kongresler merkezine ugrady. Bu Forumy Azerbaýjan 2019-2022-nji ýyllarda Goşulyşmazlyk hereketine başlyklyk ediji...

DOWAMY