“Türkmenistanda türkmen milli halyçylyk sungatynyň” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi hakyndaky Şahadatnama

Şu gün “Türkmenistanda türkmen milli halyçylyk sungatynyň” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi hakyndaky Şahadatnamanyň asyl nusgasy Türkmenistana gelip gowuşdy.

2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanda türkmen milli halyçylyk sungatyny” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky çözgüt birazgyzdan kabul edilipdi. 

Mälim bolşy ýaly, milli halyçylyk sungaty ýurdumyzyň medeni durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup, Türkmenistanyň ilatynyň umumy medeni özboluşlylygynyň alamaty hasaplanylýar. Şekillerinde halkyň taryhy döwürlerini hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirip, türkmen halysy asyrlaryň çuňlugyndan gözbaş alýar.