SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2020-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar ýüze çykyp biljek wajyp migrasiýa meselelerini çözmek ugrunda Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary d...
Bitaraplyga bagyşanan ýanwar aýyndaky maslahatyň jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygyny belläp geçýär. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň çäginde we onuň daşynda dürli derejedäki maslahatlar, forumlar, sergiler guralýar. Şunuň bilen baglylyk-da, şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy...
Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp sport ýaryşlar geçirildi
2020-nji ýylyň 15-16-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda billiard, 400 metr aralyga ylgamak we basketbol boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu şanly sene Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2009-njy ýylda döredildi. Bu ýyl ýurdumyz şanly senäni, ýagny özüniň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyll...
Türkmenistanyň wekiliýeti daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB–Merkezi Aziýa Iş toparynyň mejlisine gatnaşdy
2020-nji ýylyň12-13-nji fewralynda Brýusselde daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB–Merkezi Aziýa iş toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Maslahatyň işine Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we suw serişdeleri ulgamlarynyň hünärmenleri we bilermenleri gatnaşdylar. Maslahat daşky gurşaw we suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ÝB–Merkezi Aziýa platformasynyň çäklerinde guralan bolup...
Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatorynyň Aşgabada sapary
2020-nji ýylyň 12-nji fewralynda Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglowyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasýasynyň wekilçilikli wekiliýeti Aşgabada geldi. 13-nji fewralda günüň birinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bile...
Maryda sebitleýin infrastrukturalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça seminary geçirildi
2020-nji ýylyň 10-njy fewralynda Mary şäherinde Owganystan boýunça hyzmatdaşlygyň «Stambul prosessiniň» çäklerinde sebitleýin infrastrukturalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-owgan seminary öz işine başlady. Bu çärä Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler, içeri işler, goranmak, energetika ministrlikleriniň wekilleri we nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, şeýle-de «Stambul prosessine» gatnaşyjy ýurtlaryň ygtyýarly wekilleri gatnaşýarlar. Semin...
Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň täze Ilçisi akkreditirlendi
2020-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diego Ruiz Alonso bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, Ilçini jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ähli ulgamlarda bilelikde hereket etmäge hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasyny goldamaga taýýardygyny beýan edildi. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň özara hyzmatdaşly...