SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi
2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmen tarapyndan foruma ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle-de Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Owganystanyň wekilçilikli wekiliýetiniň arasynda ýurduň söwda-ykdysadyýet ulgamynyň hünärmenleri we hususy telekeçiler bardyr. Duşuşygyň barşynda...
Aşgabatda Ýewraziýa toparynyň çäklerinde ÝHHG-niň okuw maslahaty öz işine başlady
2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda «Ýewraziýa toparynyň (ÝAT) özara baha bermäge milli derejede taýýarlyk: ÝHHG-niň döwletleriniň iň gowy tejribeleri» atly üç günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Çärä Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankynyň we Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de gatnaşyjylaryň arasynda hususy pudagyň we täjirçilige...
Dubaýda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara round-şou açyldy
2020-nji ýylyň 24-nji fewralynda Dubaýda «Hyatt Regency» myhmanhanasynyň «Al Maha» maslahatlar zalynda «ТOPH – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisi» atly halkara maslahatynyň we «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara round-şounyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüş mümkinçilikleri daşary ýurt maýadarlarynyň, edil şonuň ýaly-da halkara guramalarynyň, hökümet wekiliýetleriniň we söwda kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýändir. Dünýäniň 40-a golaý ýu...
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň Sankt-Peterburg şäherine sapary
Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 18-20-nji fewraly aralygynda Sankt-Peterburg şäherinde boldy. Saparyň çäklerinde Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy, şol sanda gurluşyk we senagat ulgamyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi boýunça pikirleri alyşdylar. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Russ...
Türkmenistanyň Ilçisi GFR-nyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Germaniýanyň Federal Prezidentiniň resmi rezidensiýasy bolan «Belwýu» köşgünde Ilçi B.Rejepowyň GFR-nyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Türkmenistanyň GFR-ky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Federal Prezident bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda Ilçi GFR-nyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Türkmenistanyň Prezidenti...
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasyna sapary
2020-nji ýylyň 17-18-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Tatarstan Respublikasynda boldy. Saparyň barşynda Tatarstanyň Prezidenti R.N.Minnihanow bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmegi, şol sanda gurluşyk we senagat ulgamlarynda özarahereketleriň işjeňleşdirilmegi boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Pr...
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň günine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi
2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2020-nji ýylda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli we Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň günine bagyşlanan “Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň dipl...