Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2018-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň döwlet baştutanlary pursatdan peýdalanyp, biri-birini ýetip gelýän Täze 2019-njy ýyl bilen gutlap, jan saglygyny hem-de iki halkyň bähbidine alyp barýan bilelikdäki işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler esasyny hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklary hem-de deňhukukly, ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri  düzýän hökümetara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmek üçin baý mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, taraplar  ikitaraplaýyn gepleşikleriň ýokary derejesini, onuň konstruktiw häsiýetini hem belläp geçdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň BMG-niň, GDA-nyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine özara gatnaşyklara hem-de birek-biregi goldamak ýörelgesine ygrarlydygyny nygtamak bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we  Şawkat Mirziýoýew gün tertibiniň sebit we ählumumy meseleleri barada pikir alyşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler iki halkyň taryhy-medeni umumylygyna, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.