KHBS üçin maglumat

photo

Türkmenistan dünýä bileleşiginiň jogapkär agzasy hökmünde halkara syýasy we ykdysady giňişlikde alyp barýan işini halkara gatnaşyklara gatnaşyjylaryň özüni alyp barşyny düzgünleşdirýän köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn resminamalara laýyklykda amala aşyrýar.

Şunda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we hukuk şahslary bilen baglaşan ylalaşyklary hem-de şertnamalary boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmekdäki ýurduň hukuk taýdan esaslandyrylan we anyk kesgitlenen çemeleşmesini aýratyn bellemek zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylary habar berýär.

Soňky ýyllaryň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde «Мобильные ТелеСистемы» (МТС) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan türkmen tarapyna garşy bildiren tarapgöý häsiýetli we hakykata laýyk gelmeýän “nägilelikleri” yzygiderli peýda bolupdy.

МТС kompaniýasynyň esassyz döreden jedelli ýagdaýyny parahatçylykly, kazyýete ýetirmezden we konstruktiw ýollar arkaly çözmek maksady bilen, Türkmenistanyň degişli ykdysady we döwlet edaralary tarapyndan ähli zerur tagallalar edildi.

Muňa garamazdan, 2018-nji ýylda МТС kompaniýasy halkara arbitraž seljeriliş prosesiniň başyny başlatdy.

Netijede, Maýa goýum jedellerini kadalaşdyrmak boýunça halkara merkeziniň (ICSID) düzgünlerine laýyklykda döredilen tribunal МТС tarapyndan bildirilen ähli arzlary ret etdi we Türkmenistanyň peýdasyna 11 million amerikan dollaryndan gowrak möçberde hukuk we arbitraž çykdajylarynyň öwezini dolmak barada karar etdi.

Tribunal МТС-iň operasion şertnamasynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylan kanuny täjirçilik şertnamasydygyny we onuň möhletiniň şertnamanyň şertlerine laýyklykda tamamlanandygyny hem-de МТС-iň şertnamany uzaltmaga hiç hili hukugynyň ýokdugyny ýa-da kanuny garaşygynyň bolup bilmejekdigi hakynda karar etdi. Şeýle hem, tribunal Türkmenistanyň МТС-e degişlilikde hiç hili kanuna garşy gelýän hereketleri amala aşyrmandygy hakynda karar etdi we kompaniýanyň göýä bikanun diýip görkezen hereketler bilen bagly ähli beýleki arzlaryny hem ret etdi.

Tribunal tarapyndan çykarylan arbitraž çözgüdinden üç aý geçenden soň, МТС kompaniýasy arbitražyň geçirilen ýeri hökmünde Stokgolm şäheriniň kesgitleneni üçin Şwesiýanyň kazyýet edaralaryna ýüzlenmek arkaly bu çözgüt boýunça şikaýat etmäge synanyşdy. Şeljermeleriň netijesinde, Şwesiýanyň Swea apellýasiýa kazyýeti 2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda çykaran karary bilen МТС-iň ähli şikaýatlaryny ret etdi we Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy. Munuň bilen birlikde, kazyýet МТС kompaniýasyny Türkmenistanyň umumy möçberi 589 müň ýewro deň bolan çykdajylarynyň öwezini dolmaga borçlandyrdy. Bu pul tribunal tarapyndan öň kabul edilen 11 million amerikan dollaryna goşmaça tölenmelidir.

Şeýle hem, Apellýasiýa kazyýetiniň karary boýunça şikaýatiň gaýtadan edilip bilinmejekdigini, “bu karar boýunça şikaýatynyň berilmegi üçin hiç hili esaslaryň ýokdugyny” kazyýetiň aç-açan beýan edendigini nygtamak gerek.

Ýokarda agzalan abraýly arbitraž we kazyýet edaralarynyň çykaran kararlary, halkara ykdysady gatnaşyklaryň umumy ykrar edilen kadalaryna we düzgünlerine berk eýerýän türkmen tarapynyň hereketleriniň kanuna doly gabat gelýändigini tassyklady.

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy

«1» iýul 2025 ýyl