RSS

SOŇKY HABARLAR

14 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GYRGYZYSTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşygy geçirildi. Prezident Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady. Şeýle-de Gyrgyzystanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli...

DOWAMY
12 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärede türkmen wekilýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Maslahatyň dowamynda wajyp meseleleriň giň toplumy boýunça, şol sanda, halkara we sebit meseleleriniň möhüm ugurlarynyň gün tertibi, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek barada pik...

DOWAMY
12 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE WENANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇRILDI

2023-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Wena şäheriniň häkiminiň wekili, Wena şäher geňeşiniň agzasy we Wena prowinsiýa parlаmentiniň agzasy Omar Al-Rawiniň ýolbaşçylygynda  Aşgabada sapar bilen gelen Wenanyň wekiliýeti, şeýle hem Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty myhmanlary 11-nji oktýabrda Arkadag şäherinde bäşinji Wena balynyň üstünlikli geçirilmegi bil...

DOWAMY
12 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe...

DOWAMY
11 Okt

TÜRKMENISTAN WE TÜRKIÝE HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK HEM BERKITMEK UGRUNY TASSYKLAÝARLAR

2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijesinde döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellediler. Türkmenistanyň P...

DOWAMY
11 Okt

TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI UGRATDY

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan we ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Owganystana ynsanperwer ýüki ugradyldy. Derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk ön...

DOWAMY
11 Okt

ENERGETIKA ULGAMYNDA TÜRKMEN-RUMYN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Rumyniýanyň energetika ministrliginiň binasynda geçirilen nobatdaky Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Buharestde bolýar. Mejlisiň dowamynda birek-birege ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi tassyklanyldy. Türkmen tarapynyň nygtamagyna görä, Türkmenistany...

DOWAMY