SOŇKY HABARLAR
Döwlet Baştutanymyz Kuweýte we Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparlary amala aşyrar
9-njy martda geçirilen Hökümetiň mejlisinde habar berilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine hem-de Birleşen Arap Emirliklerine ýakyn wagtda meýilleşdirilen resmi saparlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Kuweýt we BAE bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanag...
Serhetabat-Turgundy täze türkmen-owgan demir ýoly boýunça otlylaryň hereketi açyldy
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-mi...
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy täze demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gan...
Türkmenistan 2019-2020-nji ýyl döwri üçin BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň edarasynyň agzalygyna saýlandy
2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda BMG-niň Ženewadaky Edarasynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň ýubileý 80-nji sessiýasynyň barşynda Türkmenistan 2019-2020-nji ýyl döwri üçin BMG-niň Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň Býurosynyň agzalygyna saýlandy. Içerki Ulaglar boýunça Komitet BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň ulag ugrynda iň ýokary direktiw edarasy bolup durýar. Özüniň kömekçi edaralary bilen birlikde Içerki Ulaglar b...
Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirlen maslahat
2018-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ylymlar Akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezid...
Martda geçiriljek saýlawlarda GDA, BMG, ÝHHG DIAHBE,ŞHG, YHG synçylarynyň gelmegine garaşylýar
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň 25-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak we hödürlemek işleri dowam edýär. Ähli saýlaw okruglarynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň komitetleriniň hem-de raýatlar toparlarynyň ýygnaklary geçirilýär, şolaryň barşynda ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasyna, ýerli häkimiýet hem-de...
Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine AHHG-niň Müdiriýeti – Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministrleriniň orunbasarlary, Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, AHHG-niň esaslandyryjy-döwletleriniň DIM-niň wekilleri gatnaşdylar. Müdiriýetiň mejlisinde: Türkmenistanyň başlyklyk...