SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmen...
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşdy
2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisiniň binasyna geldi. Bu ýerde Döwlet baştutanyny resmi adamlar, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly we ýerli agzalary, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar. Binanyň foýesinde forumyň wekilleriniň we myhmanlarynyň Türkmenistanyň Prezide...
DÖM ulgamynda Meýletin milli synyň taýýarlanylmagy boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi
2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegi ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagy boýunça Pudagara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Meýletin milli synyň taslamasynyň esasy aýratynlyklary, şol sanda dizaýny, grafikasy we statistiki maglumatlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaral...
Durmuş taýdan goraglylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi boýunça taslamanyň çäklerinde Konseptual resminamanyň seredilmegi boýunça duşuşyk
2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Global gaznasynyň çäklerinde BMG-niň hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasyndaky “Inklýuziw we ýokary hilli durmuş hyzmatlary ýerli derejede ornaşdyrmagyň üsti bilen durmuş goraglylygy boýunça ulgamy kämilleşdirmek” teklip edilýän taslamanyň konsepsiýasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Me...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň XIV Halkara radio festiwalyna we VI Bütindünýä radio maslahatyna gatnaşmagy
2019-njy ýylyň 22-24 apreli aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde XIV Halkara radio festiwaly we VI Bütindünýä radio maslahaty geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar. Şeýle-de bu çärelere 30 golaý ýurtdan dürli wekiliýetler gatnaşýar. Вu çäreleriň çäginde türkmen wekiliýeti bilen EYR-nyň Radio we telewideniýe guramasynyň ýolb...
Stambulda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
2019-njy ýylyň 19-njy aprelinde Stambulda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistana “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Şahym Abdyrahmanow, Azerbaýjana – Energetika ministri Parwiz Şahbazow we Türkiýä – Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez wekilçilik etdiler. Duşuşygyň barşynda ýurtlaryň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we...
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Balkan welaýatyna bardy
2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşynyň halkara howa menziline geldi. Biraz wagtdan soňra dabaraly çäre mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen kenarýaka şäheriniň howa menzlinde Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň howa gämisi gondy. Belent mertebeli myhmana ýokary derejede hezzet-hormat edildi. Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşini mähirli garşylady. Howa menzilinden Döwlet Baştutanlarynyň awtoulag kerweni Gyýanly şäher...