SOŇKY HABARLAR
BMG-niň Baş Assambleýasy “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziň orny”atly kararnamany kabul etdi
2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziň orny” atly kararnamany kabul etdi. Kararnamanyň awtordaşy bolup 57 ýurt çykyş etdi. Kararnamada Merkeziň sebitiň ýurtlarynyň arasynda umumy ynjalyksyzlyk döredýän soraglary bilen bagly meseleleri çözmek boýunça dialogy berkitmek üçin amala aşyrýan tagallalary oňlanylýar. Kararnamany Baş Assamb...
Türkmenistan we Polşa geljedäki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) Marek Salkanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, taraplar halkara guramalaryň çäginde syýasy gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň mümkinç...
Sebit ekologiýa merkezi suw serişdelrini dolandyrmak ýörelgesine bagyşlanan seminary geçirdi
Aşgabatda suw serişdelrini utgaşdryp dolandyrmak ýörelgesine bagyşlanan Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň seminary geirildi. Çäre Araly halas ediş halkara gaznasyna (AHEHG-a) ýudumyzyň başlyklyk etmegi we suw ulgamynda ýerli dolandyryjylar düzüminiň mümkinçiligini ýokarlandyrmak jähtinden gurnaldy. Duşusyga Mejilisiň deputatlary, Oba we suw hojalygy, Malýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň hün...
Merkezi we Günorta Aziýada sebitleýin energetika hyzmatdaşlygy boýunça maksatlaýyn toparyň (RECA) maslahaty
2017-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi we Günorta Aziýada sebitleýin energetika hyzmatdaşlygy boýunça maksatlaýyn toparyň (RECA) 14-nji maslahaty geçirildi. Kabul ediji tarap hökmünde Türkmenistanyň Energetika ministrligi çykyş etdi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli ministlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň işgärleri we hünärmenleri, Halkara Energetika Hartiýasy, GDA, US...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kuweýt Döwletine iş sapary
2017-nji ýylyň 6-7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredowyň baştutanlygyndaky wekiliýet Kuweýt Döwletinde iş saparynda boldy. 7-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Al Baýan köşgünde Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al Ahmad Al Jaber Al Sabah tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredow şu ýylyň 11-12-nji sentýabrynda Kuweýt...
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň 10 ýyllygyna bagyşlanan leksiýalar
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň Aşgabatda açylmagynyň 10 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş hünärmenler üçin ýörite leksiýalar kursyny geçirip başlady. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň we wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bu leksiýalar bilen çykyş ederler. Leksiýalaryň dowamynda talyplaryň we diňleýjileriň ünsleri öňün...
Türkmenistanyň paýtagtynda durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyş dabarasy boldy
2017-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda paýtagtymyzda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş maksatly desgalaryň açylyşy mynasybetli dabaralar dowam etdi. 18 sany ýaşaýyş jaýlary, mekdep, çagalar bagy we söwda merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyry ähli amatlyklar göz öňünde tutulan 72 öýli 12 gatly jaýlaryň 12-sini hem-de 48 öýli 12 gatly jaýl...