SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-da ÝHHG-nyň taryhy, gymmatlyklary we işi barada okuwlar geçirildi
2019-njy ýylyň 5-7-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy: gurluşy, ýörelgeleri we gymmatlyklary» mowzuk boýunça okuwlar geçirildi. ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi bu üç günlük kursy Merkeziň 20 ýyllyk şanly senesiniň dabaralanmagyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde gurnady. Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we...
Rimde ýokary derejeli Türkmen-Italýan gepleşikleri geçirildi
2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen bardy. Rimiň “Fýumiçino” halkara howa menzilinde türkmen Liderini Italiýanyň ýokary derejeli wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni halkara howa menzilinden sapar mahalynda Türkmenistanyň Baştutanynyň kabulhanasy ýerleşen “Rome Kawalýeri” myhmanhanasyna ugrady. 7-nji noýabrda i...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy
2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy. Şol günüň özünde Milan şäheriniň «Rosa Grand Milano» myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Italiýanyň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty öz işine başlady. Çäräniň dowamynda maslahata gatnaşyjylar energetika, nebit-gaz pudagy, telekommunikasiýa, ulag, syýahatçylyk we beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňelt...
Türkmenistan “Suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak – durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy” atly halkara maslahatyny geçirýär
2019-njy ýylyň 5-6-njy noýabrynda Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak – durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy” atly halkara maslahaty geçirildi. Ol özünde dünýäniň 10 ýurdundan 60-dan gowrak bilermeni jemledi. Maslahatyň işine suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynda taslamalary amala aşyrýan 9 sany halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Maslahaty geçirmek başlangyjy bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bil...
Türkmenistanyň DIM-de “EKSPO-2020 Dubaý” Býurosynyň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi
2019-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de “EKSPO-2020 Dubaý” Býurosynyň ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Alynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşi nukdaýnazaryndan Dubaýda geçiriljek “EKSPO-2020” halkara sergisiniň m...
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar berkeýär
2019-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy G.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna sapary boldy. Saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Oktaý Asadow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Parlamentara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşine aýratyn üns berild...
Türkmenistanyň wekiliýeti “Wolgada gepleşik: 21-nji asyrda parahatçylyk we özara düşünişmek” atly halkara maslahatyna gatnaşdy
2019-njy ýylyň 31-nji okýabryndan 1-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd şäherinde her ýyl geçirilýän “Wolgada gepleşik: 21-nji asyrda parahatçylyk we özara düşünişmek” atly halkara maslahatyna gatnaşdy. Öz çykyşynyň dowamynda, türkmen tarapy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň ähli döwletleri bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklamaga gönükdirilen daşary syýasaty barada gürrüň berdi. Bu sy...