SOŇKY HABARLAR
Nýu-Ýorkda durnukly ulagyň ösüşi boýunça tegelek stol geçirildi
2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen hem-de BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri baradaky departamentiniň (UN DESA), BMG-niň iň pes ösen ýurtlar, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlar we kiçi ada ösüp gelýän ýurtlar boýunça Ýokary wekiliniň Müdiriýetiniň (UN OHRLLS), Bütindünýä Bankynyň (WBG) we Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň (ICTD) ýardam bermeklerinde “2030-njy ýyla çenli hemmeler üçin ulagyň we ykj...
Aşgabatda HDHHG-yň Utgaşdyryjy komitetiniň 23-nji sessiýasy geçirilýär
2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň we Daşary işler ministrliginiň gurnamagy esasynda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň gözegçiligi boýunça Utgaşdyryjy komitetiniň (HDGHGUK) 23-nji mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetleri, BMG-niň Ýewropa üçin daşky...
Türkmen wekiliýetiniň Ženewadaky Bütindünýä maýa goýum forumy-2018-e (BMF-2018) gatnaşmagy
2018-nji ýylyň 22-26-njy oktýabry aralygynda düzüminde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň gurnamagynda geçirilen Bütindünýä maýa goýum forumynyň (BMF-2018) işine gatnaşdylar. Her iki ýyldan geçirilýän Bütindünýa maýa goýum forumy maýa goýum we ösüş üçin tutuş dünýäniň öňdebaryjy platformasy bolup durýar. “Durnukly ösüşe maýa goýmak” diýip atlandyrylan forumyň işiniň birinji gü...
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşlary açýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir...
Развитие энергетического сектора Туркменистана
В соответствии с национальными и государственными программами в настоящее время под руководством Президента Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова в стране реализуются крупномасштабные проекты, нацеленные на диверсификацию национальной экономики, придание ей инновационного характера. Одним из основных направлений экономического развития Туркменистана является рост нефтегазовой отрасли. Среди приоритетных направлений энергетической стратегии страны выступают создание новых отраслей, которые буд...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GFR-ň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2018-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bundestagynyň (Parlamentiniň) Merkezi Aziýa boýunça parlamentara toparynyň başlygy Manfred Grundyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar, üstünlikli ösýän türkmen-german hyzmatdaşlygynyň gidişini belläp, gejekde parlamentara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi we iki ýurduň deputatlarynyň arasyndaky özaragatnaşyklary...
Türkmen - amerikan syýasy geňeşmeler geçirildi
2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hanym Emiliýa Pumanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürm...