SOŇKY HABARLAR
Germaniýada Türkmen-german işewürler maslahaty geçirildi
2019-njy ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetininiň Başlygynyň Orunbasary, Söwda we ykdysadyýet boýunça Türkmen-german iş toparynyň türkmen tarapyndan başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşdy. Işewürler maslahatynda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy başlygy Mihael Harms hem-de Germaniyanyň degişli hökümet we hususy guramalaryň wekilleri çykyş etdi. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Germa...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa iş sapary
2019-njy ýylyň 11–14-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunabasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Germaniya Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolýar. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, wekiliýet Türkmen-german işewürler forumyny hem-de milli ykdysadyýetiň degişli pudak edaralarynyň wekilleriniň Germaniýanyň degişli hökümet we hususy guramalary bilen gepleşikleri geçirmekden ybarat. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky...
Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegine ýokary derejede taýýarlyk görülýär
Hazar ykdysady forumyny ýokary derejede geçirmek üçin görülýän taýýarlyklaryň çäklerinde 2019-njy ýylyň 5-nji fewralynda paýtagtymyzda birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan media-forumy hazarýaka döwletleriň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ýylyň başyndan bäri degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde bu forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen kons...
Türkmenistanyň DIM-de GH we GÝJHF-nyň wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
2019-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça sebitleýin edarasynyň baştutany Baýarmaa Luntanyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, h-m Luntan Türkmenistanyň Hökümetine GH we GÝJHF bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýany üçin öz minnetdarlygyny aýtdy. Şeýle hem, sebitleýin edarasynyň başlygy ynsanperw...
Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler
2019-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyklarynyň derwaýys meselelerine seredildi. Şonuň ýaly-da energetika, ulag, aragatnaşyk...
Türkmenistanyň DIM-de UNAMA-nyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2019-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyza iş sapary bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Tadamiçi Ýamamotonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn halkara hyzmatdaşlygy ýaly ýörelgelere esaslanýan daşary syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň raýdaşlygyň mizemez nusgasy hök...
Aşgabatda Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan Halkara media-forumy geçirildi
2019-njy ýylyň 5-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan Halkara media-forumy geçirildi. Media forumyň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri, Hazarýaka döwletleriň halkara habarlar agentlikleriniň, gazet-žurnallarynyň, teleradioýaýlymlarynyň wekilleri, şeýle hem ýurdum...