SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi
2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkeziniň (CAREC) ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi ulgamyndaky meseleleriň g...
Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi
2019-njy ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşiniň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim ädildi. Bu «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy bolup durýandyr. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutany ýadygärlik ýazgysyny goýdy we ol kapsula ýerleşdirildi, bu bolsa täze toplumyň desgalarynyň biriniň binýadyna goýuldy. Şeýle hem bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we...
Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleri geçirildi
2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleri geçirildi, olara gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenko tarapyndan başlyklyk edilýän wekiliýet ýurdumyza geldi. Günüň birinji ýarymynda myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-rus gatnaşyklaryna...
Türkmenistanyň Daniýadaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy
2019-njy ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew Kopengagen şäherindäki Amaliýenborg köşgünde Daniýa Patyşalygynyň Şa Zenany Margrete II özüniň şol bir wagtda Türkmenistanyň Daniýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Berlin şäheri) hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Imperator Naruhito ýollan haty
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň täze Imperatory Naruhito ýollan gutlag hatynyň resmi gowşuryş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça gutlag haty Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçis...
Astrahanda Hazaryň goranmak edaralarynyň wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi
2019-njy ýylyň 22-24-nji apreli aralygynda Astrahan şäherinde (Russiýa Federaiýasy) Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň (HDDUI) binýadynda 2018-nji ýylyň awgustynda Aktau şäherinde geçirilen Hazar ýurtlarynyň Baştutanlarynyň V Sammitiniň barşynda gol çekilen Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda ylalaşygyň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen bagly bolan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň goranmak edaralar...
Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilip geçildi
2019-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistan ählihalk dabarasy – Türkmen bedewiniň baýramyny giňden belläp geçdi. Aşgabatda geçirilen dabaralaryň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralary çäreleriň ençemesi geçirildi. Köpsanly ýurtlardan myhmanlar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler, olaryň arasynda RF-niň Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň ýolbaşçy...