SOŇKY HABARLAR
Belarus Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatylarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoýyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatylarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar syý...
Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçy düzümi we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHB...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2024-nji ýylyň 30-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna 2025-nji ýylda parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri Prezident Serdar Berd...
KHBS üçin maglumat
28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen mähirli gutlap, iň gowy arzuwlary beýan etdiler we Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge we giňeltmäge bolan özara ygrarlylygy...
Magtymguly Pyragynyň italýan dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy
2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň italýan dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, milli we daşary ýurt diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyryş...
Türkmenistanyň DIM-nde 2025-nji ýylda Diplomatik gullugyň esasy wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-nde ministrligiň ýolbaşçy düzüminiň we işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen ýylyň deslapky netijelerini gözden geçirdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň...
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy
2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Täze ýylyň öňüsyrasynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň hem-de Özbegistanda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, dostlukly ýurduň ministrlikleriniň, jemgyýetçili...