RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Apr

Türkmenistanyň DIM-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diego Ruiz Alonzo bilen duşuşygy geçirildi.  Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllardaky oňyn ösüşini bellediler. Taraplar ileri tutulýan taslamalaryň hem-de strategiýalaryň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp m...

DOWAMY
pic
24 Apr

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň edaralarynyň düzümine saýlanyldy

2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň edaralarynyň düzümine saýlawlar geçirildi. Onuň netijesi boýunça Türkmenistan onuň iki sany möhüm edarasyna: 2021-2025-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynayň agzalygyna we 2021-2024-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy. Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň...

DOWAMY
pic
24 Apr

Sebitdäki we dünýädäki ykdysady ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin Halkara Pul Gaznasy bilen wideomaslahat geçirildi

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda wideo aragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankynyň ýolbaşçylary, Halkara pul gaznasynyň wekilleri şeýle hem, Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitiniň döwletleriniň maliýe we ykdysadyýet ministrleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda gatnaşyjylar özara gyzyklanma bildirilýän yk...

DOWAMY
pic
22 Apr

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary jenap Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi Söhbetdeşligiň barşynda taraplar derwaýys häsiýete eýe bolan halkara meselelerini, şol sanda halkara jemgyýetçiligi üçin aýratyn jogapkärli bolan häzirki döwürde halklaryň we ýurtlaryň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar BMG-niň utgaşd...

DOWAMY
pic
22 Apr

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Şu gün, 2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirilip, onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly derwaýys meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.  Ilkinji nobatda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň şu ýylyň11-nji martynda amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Türkmenis...

DOWAMY
pic
22 Apr

DIM-de Türkmenistanda Saglygy goraýyş ulgamynyň işi barada maglumat beriş duşuşygy – brifing geçirildi

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlyk» atly maglumat beriş duşuşygy – brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga şonuň ýaly-da ýer...

DOWAMY
pic
22 Apr

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini we gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça geljekde hem ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypl...

DOWAMY